Şu ýylky üçünji tanyşdyrylyş dabarasyny geçiren “Apple” täze “MacBook Air” noutbugyny tanyşdyrdy. Ululygy 13,3 we 16 dýuýma barabar bolan kiçi kompýuteriň öz klasyndaky “Windows” kompýuterlerden üç esse çalt işleýändigi mälim edildi. Bu kompýuterde oturdylan mikroprosessor “Apple”-iň ozalky öz modelinden 3,5 esse çalt işlemegine mümkinçilik berýär. “MacBook Air” arklay 15 sagatlap geçirijisiz internet baglanyşygyndan peýdalanyp bolýandygy we 18 sagatlap wideo görüp bolýandygy bellenilýär. Kompýuteri sowatmak üçin aýlanýan perler göz öňünde tutulmandyr. Bu bolsa, onuň has sessiz işlemegini üpjün edýär. Hatda kompýuter işlän wagty hiç hili sesiň çykmaýandygy aýdylýar. Kompýuteriň RAM-y 16 GB-a barabar bolup, hemişelik ýadyny SSD kart arkaly 2 TB-a çenli giňeldip bolýar.
“MacBook Air”-iň 13 we 16 dýuýmlyk görnüşleri şu aýyň 17-sinden başlap satuwa çykarylar.