Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň sanynyň köpelmegi welosipedlere bolan islegi ýokarlandyrýar. Welosipedleriň has köp maksatlar bilen ulanylmagy olaryň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşleriniň köpelmegine getirdi. “Juiced Bikes” atly kompaniýa tizligi bilen haýran galdyrýan welosiped öndürdi. “HyperScorpion Express” atly ulag ýük göterijiligi, tizligi babatda hem welosipedden garaşylmadyk netije görkezýär. Ulagyň pedalyny aýlamadyk wagtyň ony 48 km/s tizlik bilen sürüp bolýar. Bu görkeziji welosiped üçin aňryýany bilen ýeterlik. Emma onuň pedaly aýlananda bu tizligi 112 km/sagada ýetirmek mümkin. Ulag motosiklleriňki ýaly çyralar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Inli tigirleri we ösen duruzyjy ulgamy sürüji üçin rahatlygy üpjün edýär. Ulagyň yz tarapyndaky bagažda hem ýük daşamak mümkin.
120 km/s bilen hereket edýän welosiped
11.11.2020