Ýakyn geljekde emeli intellekt programmaçylaryň esasy bäsdeşi bolar

15.09.2020

Hünärmenleriň geçiren gözlegleriniň netijesinde, emeli intellektiň esasy bäsdeşi boljak hünärleriň sanawyna programmist hünäri goşuldy.

Emeli intellekt programmistleriň işiniň diňe bir bölegini alyp biler. Programmalaryň barha artýan çylşyrymlylygy sebäpli hünärmenler olary hemişe optimizirlemelidir. Bu nukdaýnazardan emeli intellekt synag ediji we awtomatlaşdyryş inženeri bolup biler. Şeýle-de bolsa, bu ugurda işleýänler henizem işlerini ýitirerler.

Häzirki wagtda hemmeler diýen ýaly dürli ugurlardaky sanly üýtgeşmeler tendensiýalary barada gürleşýärler. Hususan-da, işewürlik, hökümet, ykdysadyýet, durmuş we ş.m. Senagat boýunça sanly üýtgeşmäniň ähmiýeti nygtalýar. Şonuň üçin hünärmenler diňe bir dünýä tendensiýalaryna eýermek we çalt hereket etmek üçin däl-de, eýsem iki esse çalt ylgamak zerurdygyny nygtaýarlar. Sanly zamana doly geçiş, hünärmen, IT hünärmenlerine zerurlygyň artjakdygyny aýdyň görkezýär.