Turkmentelecom Bot

Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli bäsleşik yglan edýär


12.03.2025

Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Senetçilik - milli mirasymyz” atly bäsleşigi yglan edýär.

Bäsleşik ussat senetçileri höweslendirmek maksady bilen iki ugur boýunça geçirilýär:

Türkmen milli senetçilik önümleri

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan senetçilik önümleri.

Bäsleşige hödürlenilýän işler, şol sanda halyçylyk, keşdeçilik, taraçylyk, zergärçilik, küýzegärçilik, neçjarçylyk, nakgaşçylyk, demirçilik, deri-gönçülik önümleri, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işlerini, hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzy we onuň şanly 30 ýyllygyny, Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini, dünýä derejesinde gazanylýan üstünlikleri döredijilikli açyp görkezilmelidir.

Senetçiler bäsleşige hödürleýän işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Sergi bölümine ýollap bilerler. Olar bäsleşige ýollan işleriniň ýanyna özleri we döreden önümleri baradaky maglumatlary – işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysyn, telefon belgisini, işiň adyny we gysgaça mazmunyny hem goşmalydyrlar.

Bäsleşik Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli maslahatyň we serginiň çäklerinde jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň diplomlary we sowgatlary, tapawutlanan işleri döredenlere bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 21 23 75;

+993 12 21 23 64;

+993 12 21 23 68.

 



News

2 3 4 5 ... 10

Need help?

Our specialists are always ready to answer any questions you have interested