Dünýäniň iň gymmat elektromobili

14.09.2020

2017-nji ýylda tanyşdyrylan “Aspark Owl” atly ýapon ulagynyň golaýda taýýar boljakdygy mälim edildi. Bary-ýogy 50 sanysy öndüriljek “Aspark Owl”-yň bahasynyň 3,4 million dollardygy aýdyldy. “Michelin Pilot Sport Cup 2” atly tigirler bilen üpjün edilen ulagyň 100 km/sagat tizlige ýetmegi üçin 1,72 sekunt ýeterlik bolar. 300 km/sagat tizlik üçin bolsa, 10 sekundyň ýeterlik boljakdygy mälim edildi. Kuwwaty 2 müň at güýjüne barabar bolan ulag örän ýeňil materialdan ýasalandygyna garamazdan, agramy 1 900 kg. Ulagyň batareýasy 80 minutda zarýad alýar. Ýaponiýada işlenip düzülen ulagyň önümçiligi “Manifattura Automobili Torino” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Italiýada amala aşyrylýar.