Turkmentelecom Bot

Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy


16.03.2025

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminama Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edildi.
Ozal Türkmenistanda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýändigi barada habar beripdik.

News

2 3 4 5 ... 10

Need help?

Our specialists are always ready to answer any questions you have interested