“Salam, Tizlik” şygary bilen geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda “Apple” kompaniýasy ilkinji “akylly” ses gataljysyny tanyşdyrdy. Şeýlelikde, mundan ozal bar bolan “HomePod” atly ses gataldyjynyň täze nesli smartfonlar bilem sazlaşykly işleýär. Täze enjam şekil babatda häzirki wagtda 300 dollardan satylýan “HomePod”-yň kiçeldilen görnüşidir. Enjamda mikrofon bilen bir hatarda sanly asistent “Siri”-niň esasynda işleýär. “Apple S5” mikroprosessor oturdylan “HomePod Mini” togalak görnüşli bolup, sesi daş-töwerege 360 derejede deň ýaýradýar. Ses gataldyjyny smartfon arkaly uzakdan dolandyryp bolýar.
Daşy “agasy” ýaly örülen görnüşde dizaýn edilen “HomePod Mini”-niň ýokarsynda sensorly panel bar. Bu ýerdäki “+” we “-” şekillerine basyp sesi sazlap bolýar. Ses gataldyjy kompaniýanyň enjamlarynyň sesli buýruklary ýerine ýetirýän “Siri” kömekçisi arkaly maşgala agzalaryny sesinden tanaýar. “HomePod Mini”-niň bahasynyň 99 dollardygy mälim edildi. Enjamyň 16-njy noýabrda satuwa çykaryljakdygy mälim edildi. Ses gataldyjynyň ak we gara reňklisi bar.