Şu gün agşam (13-nji oktýabr) Aşgabat wagty bilen 22:00-da “iPhone 12” seriýasyna degişli mobil enjamlaryny tanyşdyrmaga taýýarlyk görýän “Apple” kompaniýasynyň täze smartfonlaryny zarýadniksiz satuwa hödürlejekdigi mälim edildi. Telefonlaryň we beýleki kiçi görnüşli elektron enjamlarynyň zarýad beriji ulgamynyň birmeňzeş bolmagy üçin on ýyla golaý wagt bäri alada edilýär. Üns beren bolsaňyz, elektron enjamlaryň köpüsiniň zarýad beriji simi beýleki enjamlara hem gabat gelýär. Bu ýagdaý telefonlaryň ilkinji peýda bolan ýyllarynda beýle däldi. Elektron enjamlaryň zyňyndylarynyň daşky gurşawa ýetirýän zyýany göz öňünde tutulyp, bu enjamlaryň köpüsiniň zarýad berijisi belli bir stardarta getirilipdi. Emma iri kompaniýalaryň başlangyjyna “Apple” goşulmandy. Müşderileriň daşky gurşaw baradaky aladalaryny nazarda tutup hem-de çykdajylaryny azaltmak maksady bilen täze enjamlaryny zarýadniksiz satuwa çykarmak kararyna gelipdir.
Şeýle hem, täze “iPhone”-laryň 23-nji oktýabrda sargyt kabul edip başlajakdygy we indiki aýyň başynda dünýäniň käbir ýurtlarynda satuwa hödürlenmegine garaşylýar.