“Xiaomi”-niň täze enjamynda “Snapdragon 775” prosessory ornaşdyryldy

14.08.2020

“Xiaomi” innowasion tehnologiýalaryň esasynda müşderileriniň isleglerini kanagatlandyrýan enjamlary öndürmegi başarýar. Berilýän maglumatlara görä, “Xiaomi” şereketi dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýmaga ukyply täzeligiň — surata düşürilýän jisimi 120 esse ýakynlaşdyrmaga ukyply tehnologiýanyň üstünde işledi. Bu smartfon bolsa geçen aýda müşderilere hödürlendi. Häzirki wagtda bu tehnologiýalara “Samsung”-yň we “Huawei”-niň enjamlary eýe boldular. 

“Xiaomi” bolsa täzeligi bilen agzalan iki şerekete bäsdeşlik gurnamak isleýär. Şeýle hem “Xiaomi”-niň täze enjamynda “Snapdragon 775” prosessory ornaşdyryldy. Bu bolsa enjamyň 5G aragatnaşyk ulgamynda hem işlemäge ukyply boljakdygyny aňladýar.