Ondan arzany ýok

30.05.2020

Soňky ýyllarda arzan bahaly telefonlarynyň sanyny artdyrýan “Nokia” ýene bir telefony tanyşdyrdy. “Nokia C2 Tennen” atly mobil enjam diňe bahasy bilen däl, eýsem tehniki aýratynlyklary bilen hem ünsi özüne çekýär. 2 GB RAM-ly telefonyň içki ýadynyň göwrümi 16 GB. Ony “microSD” kart arkaly giňeldip bolýar. Iýunda satuwa çykaryljak “Nokia C2 Tennen” smartfonynyň bahasynyň 70 dollardygy mälim edildi.