Selfi kamerasy gowy telefonlar

04.02.2020

Telefonlaryň tehniki aýratynlyklaryna baha berýän “DxOMark” şereketi 2020-nji ýylyň iň gowy selfi kameraly telefonlarynyň sanawyny mälim etdi. Köp adam üçin smartfonyň diňe esasy kamerasynyň däl, öňki kamerasynyň durulygy hem ähmiýetli hasaplaýar. Sanawyň birinji ornuny “Huawei nova 6 5G” eýeleýär. Bu telefonyň yzky tarapynda 40 MP (f/1.8), 8 MP ultra giň (f/2.4) we 8 MP telefoto (f/2.4) 3X zoom aýratynlykly üç sany kamera bar. Bu enjamyň öň tarapynda 32 megapiksel hem-de 12 megapiksel durulygynda iki kamera bar. “Samsung Galaxy Note 10+ 5G” sanawda ikinji ýeri eýeleýär. Bu smartfonyň 12 megapiksel (f/1.5-2.4 Dual Pixel PDAF, OIS), 12 megapiksel (f/2.1, 52 mm telefoto) hem-de 16 megapiksel (f/2.2 ultra giň) esasy kameralary bar. Onuň öň tarapynda 10 megapiksel durulygynda f/2.2 diagrammaly kamera oturdylypdyr. Üçünji ýeri eýelän “Asus ZenFone 6” smartfonynda 48 megapikselli yzky kamera hem-de 13 megapiksel durulygynda ikinji kamera bar. Ikinji kamera aýlanýan görnüşde ýasalyp, islendik tarapdan surata alyp bilýär.

“Samsung Galaxy S10 5G”, “Samsung Galaxy S10+”, “Huawei Mate 30 Pro”, “Google Pixel 3”, “Google Pixel 4”, “Samsung Galaxy Note 9” ew “Apple iPhone 11 Pro Max” sanawyň ilkinji onlugyny düzüpdirler.