Elýeterli bahadan satylar

06.02.2020

“Realme” şereketi ýokary tehniki aýratynlyklary bolan arzan bahaly telefonyny tanyşdyrdy. “Realme C3” atly modelde 3 GB RAM, 32 GB içki ýat, HD+ durulygynda 6,5 dýuýmlyk ekran bar. Telefonyň yz tarapynda bir sany aýratyn, aýratynlykda ýene-de goşa kamera bar. Olaryň üçüsi hem 12MP durulygynda surata düşürýär. Öň tarapynda bolsa, 5MP-lik kamera oturdylypdyr. 100 dollar töweregi bahadan satyljak smartfonyň häzirlikçe diňe iki – gyzyl we gök reňklisi  bar. Ilkinji nobatda, Hindistan bazaryna hödürlenjek enjam, soňra global bazara çykarylar. “Xioami” kompaniýasyna degişli bolan brend arzan bahaly enjamlary öndürmegi bilen tanalýar. Şeýle hem mahabat üçin çykdajy etmeýän kompaniýa öz harytlaryny internet arkaly sargyt kabul etmek arkaly müşderilerine ýetirýär.