5G-li telefonyny “MWC 2020”-de tanyşdyrar

08.02.2020

Soňky wagtlarda satuwyny artdyrýan “Realme” şereketiniň 5G-li telefonynyň “MWC 2020” halkara sergisinde tanyşdyryljakdygy mälim edildi. Kompaniýa 24-27-nji fewral aralygynda Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçiriljek elektron enjamlarynyň sergisinde “Realme TV” atly “akylly” telewizoryny hem tanyşdyrjakdygyny mälim etdi. Halkara sergiler satuwyny artdyrmak isleýän şereketler üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Şol sebäpli hytaý brendi has ýokary hilli harydyny tanyşdyrmak üçin bu çäräni saýlapdyr. Aragatnaşygyň 5-nji neslinde işleýän smartfonlary öndürýän şereketleriň sany artýan hem bolsa, bu tehnologiýa entek o diýen ýaýramady. Kompaniýa geljek ýyllarda telefon önümçiliginde dünýäde ilkinji bäşlige girmegi maksat edinýär.