Dünýäniň iň meşhur awtoulag şereketleriniň biri bolan “Ferrari” geçen ýyl awtoulag satuwynda öz rekordyny täzeledi. Italýan kompaniýasy ýokary tizlikli sport awtoulaglaryny öndürmegi bilen tanalýar. Döredilenine bir asyra golaý wagt bolup barýan “Ferrari” 2019-njy ýylyň dowamynda 10 müň 131 awtoulag satandygyny mälim etdi. Önümçilik merkezi Maranelloda şäherinde ýerleşýän “çarpaýa galyp duran at” nyşanly şereket 3,7 milliard ýewro girdeji gazanypdyr. Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlarynda 4 müň 895 ulag iberilip, iň köp ulag satylan sebitler bolupdyr.. Hytaýda, Taýwanda we Gonkonda 836 ulag satylyp ýyllyk ösüşiň iň köp gazanylan ýeri bolupdyr. Şereket diňe awtoulag satuwyndan girdeji gazanmaýar. Italýan brendi 3 milliard ýewro golaýyny ulag satuwyndan alan bolsa, reklama we sponsorlyk hyzmatlaryndan 538 million ýewro girdeji alypdyr.
“Ferrari” awtoulag satuwynda rekord täzeledi
05.02.2020