Sagatlaryň “akyllysy” köpelýär

06.02.2020

“Strategy Analytics” atly şereket goşar sagatlarynyň satuwa barada maglumat ýaýratdy. Maglumatlara görä, soňky ýyllarda adaty goşar sagatlarynyň satuwy azalyp, “akylly” sagatlara isleg ýokarlanýar. “Smart” sagat satuwynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy “Apple” geçen ýyl jemi 31 million “Apple Watch” satypdyr. Bu görkeziji dünýäde satylan “akylly” sagatlaryň ýaryna barabardyr. Adaty goşar sagadyny öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy şweýsar şereketleriniň umymy satuwy bolsa, 21,1 million bolupdyr. Bu görkezijiniň 2018-nji ýyldakydan 13 göterim azdygyny aýdylýar. “Strategy Analytics” şereketiniň bilermenleri müşderileriň “akylly” sagatlara has köp isleg bildirýändiklerini aýdýar.