“Boeing” we “Kitty Hawk” kompaniýalarynyň bilelikde döreden şereketi Täze Zelandiýada uçýan taksileri synagdan geçirer. “Wisk” atly şereket elektrik energiýasy bilen işleýän awtonom howa ulagy “Cora” bilen ýolagçyly synag uçuşlarynyň golaýda ýola goýuljakdygyny mälim etdi. Synag uçuşlary ýurduň Kenterberi şäherinde geçiriler. Iki orunlyk ulagyň sürüjisiz boljakdygy we uzakdan dolandyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ýurtda uçýan taksileri işläp taýýarlamak we ýola goýmak üçin 2018-nji ýyldan bäri tagalla edilýär. “Hyundai”, “Volocopter” ýaly kompaniýalar hem uçýan ulaglaryny işläp düzýärler. Şeýle taslamalara “Google” ýaly tehnologiýa hem-de “Uber” ýaly taksiçilik kompaniýalary goldaw berýär.
Uçýan taksiler synagdan geçiriler
07.02.2020