Ýewropada öndüriler

05.02.2020

Hytaýyň “Huawei” kompaniýasynyň Ýewropa sebiti boýunça ýolbaşçysy Abraham Liu Ýewropa ýurtlarynda önümçilik desgalarynyň guruljakdygyny mälim etdi. Kompaniýanyň sebitdäki merkezlerinde 5G tehnologiýasyny has-da kämilleşdirmek üçin hem işler ediler. Liu täze harytlaryň “Ýewropada öndürildi” (“Made in Europe”) belgisi bilen öndüriljekdigini aýtdy. Aragatnaşyk infrastrukturasyny gurmakda hem dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan “Huawei 5G tehnologiýasy babatda hem öňdeligi eýeleýär.