Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2-nji fewralda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenstanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, 2020-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle-de kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklandy.
«Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, aspiranturalarda we doktoranturalarda ylmyň, tehnologiýalaryň öňdebaryjy gazananlaryny özleşdirýän hünärmenler taýýarlanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2020-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura 30, ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärlige 30, ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgärlige bolsa 7, jemi 67 adam kabul ediler.
Olaryň ylym ugurlarynyň hatarynda fizika-matematika, himiýa, oba hojalyk ylymlary, taryh ylymlary we arheologiýa, tehniki, ykdysady, harby ylymlar, filologiýa, hukuk, pedagogika, lukmançylyk, sungaty öwreniş, sosiologiýa, medeniýeti öwreniş ylymlary, şeýle-de ýer baradaky ylymlar bar.
Bu barada "Türkmenistan" gazetinde çap edilen söhbetdeşlikde habar berilýär.