“Microsoft Surface Laptop Go” hödürlendi

03.10.2020

“Microsoft” kompaniýasynyň  “Microsoft Surface Laptop Go” diýen täze modeli bahasy bilen ünsi özüne çekýär.

Halkara satuw bahasy 549 dollar bolan “Microsoft Surface Laptop Go” kompaniýanyň “Windows 10” operasion ulgamly iň täze modelidir. Adaty, ýöne ajaýyp dizaýny bolan noutbuk, hödürlenýän bazarlarynda “Chromebook”-lary fonda çynlakaý iterýän ýaly. 12,4 dýuýmly 3:2 ekranda 1536 × 1024 piksel durulygy hödürleýän noutbuk 720P kamera bilen üpjün edilýär hem-de gaty ýeňil we inçe bolany üçin götermek aňsat diýilýär. “Intel”şereketiniň 10-njy nesli bolan “Core i5” (1035G1) prosessor bilen işleýän noutbuk, esasan 4 GB RAM + 64 GB eMMC maglumat saklaýjy ýat bilen üpjün edilýär. 699 dollarlyk görnüşinde  8 GB RAM + 128 GB SSD maglumat saklaýjy ýat bar.

Satyn almak isleýänler üçin bu görnüş has mantykly bolup görünýär. 899 dollarlyk iň ýokary hilli görnüşinde  256 GB SSD maglumat saklaýjy ýat ulanylýar. Şeýle hem, noutbugyň barmak yzyny tanaýan sensor ulgamlary bar.