Turkmentelecom Bot

Türkmenistanyň Prezidenti «Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda» Karara gol çekdi


08.05.2025

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi we onuň barşynda «Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda» Karara hem gol çekdi.

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, kabul edilen Karar esasynda:

— ýustisiýanyň geňeşçisi Öwezgeldi Gurbanowiç Berdiýew Ahal welaýatynyň harby prokurory wezipesine bellenildi.

— ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Şyhly Alladurdyýewiç Pelläýew Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

— ýustisiýanyň geňeşçisi Agarejep Babaniýazowiç Gurdow Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Bulardan başga-da:

— 1-nji derejeli ýurist Kerim Öwezmuhammedowiç Nurgeldiýew Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň prokurory wezipesine;

— 1-nji derejeli ýurist Annanur Jumamyradowiç Hommadow Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň prokurory wezipesine;

— 1-nji derejeli ýurist Ýaran Goçmyradowiç Ýarow Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň prokurory wezipesine;

— 1-nji derejeli ýurist Nurmyrat Nurmämmedowiç Halmyradow Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

Şeýle-de:

— ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Toýly Allanazarowiç Rozyýew Ahal welaýatynyň harby prokurory wezipesinden;

— ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Begenç Öwlýakulyýewiç Rahmedow Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň prokurory wezipesinden;

— ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Mekan Orazmyradowiç Baýramgeldiýew Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň prokurory wezipesinden;

— ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Azat Ýazmämmedowiç Bekmämmedow Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

News

2 3 4 5 ... 10

Need help?

Our specialists are always ready to answer any questions you have interested