Turkmentelecom Bot

Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi BGG-niň sebit derejesini alýar


01.07.2025

26 — 28-nji iýun aralygynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň 145-146-njy mejlisleri geçirildi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) arasynda Türkmenistanda BGG-niň sebitleýin okuw merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Bu Ähtnama sebitde gümrük işi boýunça hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň we BGG-niň hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslaryny özünde jemleýär. Merkez öz işini BGG tarapyndan ykrar edilen halkara ülňülerine laýyklykda alyp barar we ol diňe Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň däl, eýsem sebitiň beýleki ýurtlarynyň gümrük edaralarynyň hünärmenleri üçin okuw çäreleriniň geçirilmegini üpjün eder.

Türkmenistanda Sebitleýin okuw merkeziniň döredilmegi halkara bilermenleriň gatnaşmagynda bilelikdäki okuw maslahatlaryny, okuw sapaklaryny, türgenleşikleri we ylmy-barlag işlerini geçirmek, şonuň bilen birlikde türkmen gümrük işgärleriniň halkara tejribesi artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açar.

Şeýlelikde, Türkmenistan sebitleýin derejede gümrük işgärlerini taýýarlamagyň ulgamyny döretmäge öz goşandyny goşýar hem-de Bütindünýä Gümrük Guramasynyň işjeň agzasy hökmünde ornuny pugtalandyrýar diýlip, habarda bellenilýär.

 

News

2 3 4 5 ... 10

Need help?

Our specialists are always ready to answer any questions you have interested