Robotlar adamlar bilen bile işlär

21.01.2020

Robotlaryň we awtomatlaşdyrylan tehnologiýanyň kämilleşmegi adam zähmeti bilen ýerine ýetirilýän işleri azaldýar. Köp adam robotlaryň köpelmegi bilen iş bilen üpjünçiligiň azaljakdygyny pikir edýärler. Emma hünärmenler munuň tersini aýdýar. Sebäbi işlenip taýýarlanýan robotlar işçiniň edýän işini çaltlaşdyrýar we ýüze çykyp biljek bökdençlikleriň öňüni alýar. Öňki ýyllarda has ýönekeý işleri ýerine ýetirýän robotlar häzirki wagtda has çylşyrymly işleri amala aşyrýar. Munda emeli aň tehnologiýasynyň hem täsiri uly. Täze ukyplary gazanyp bilýän emeli aň tehnologiýasy robotlaryň adamlar bilen has gowy işlemegine we täze iş orunlarynyň döremegine getirer. Bilermenler “Superhuman” atly tehnologiýanyň netijesinde döredilen robotlaryň işçiler bilen bilelikde işlemäge has ukyply boljakdygyny belleýärler. Bu robot elektron poçta arkaly iberilen hatlara degişli jogaplary  berýär. Lukmançylyk ulgamynda peýdalanyljak “PathAI” atly ulgam bolsa, dürli nähoşluklaryň öňüni almaga we dogry bejergini kesgitlemäge ýardam eder. Bilermenler robotlaryň adamyň ornuny tutmajakdygyny, adamlar bilen bile işlejekdigine ünsi çekýärler.