“Volkswagen Golf” modeliniň serginlediji ulgamy 2020-nji ýylda bolmagyna garaşylýan iň esasy tehnologiýa täzelikleriniň arasynda orun aldy. Tomsuň yssy günlerinde ulagyň her ýolagçysy üçin aýratyn serginlediji hereket eder. Nemes brendiniň 2020-nji ýyldaky nusgasynda ornaşdyryljak “Air Care Climatronic” atly ulgam häzirki ulaglaryňka meňzemeýär. Käbir adam yssyny halanok, käsi sowugy. Ulag bilen bir ýere gidilende bolsa, kähalatda “Serginledijini açmalymy ýa-da maşynyň aýnasyny? diýen mesele ýüze çykýar. Täze “Golf” bu meseläni aradan aýyrmagyň aladasyny edipdir. Ulagdaky güýmenje paneli arkaly serginlediji ulgamy sürüji hem-de her ýolagçy üçin aýratynlykda dolandyryp bolýar. Şeýle hem bu ulgam sesli buýruklary hem ýerine ýetirýär. Ýagny “üşedim”, “aýagym üşedi”, “elim üşedi” ýaly sözler aýdylanda ulagyň içindäki temperatura şoňa görä sazlanýar. Ulagdaky bu ulgam kimiň gepleýändigini hem bilýär. “VW Golf GTI” atly bu model mart aýynda Ženewada geçiriljek halkara sergide görkeziler.
Her ýolagçy üçin aýratyn serginlediji
20.01.2020