Eplenýän telefonlaryň sany artýar

23.01.2020

Geçen ýylyň başynda peýda bolan eplenýän ekranly telefonlaryň sany barha artýar. “Samsung” we “Huawei” ýaly kompaniýalar eplenýän ekranly telefon modellerini satuwa çykardylar. “Motorola” kompaniýasy bolsa, 2004-nji ýyldaky gapakly “Razr V3” telefonynyň eplenýän görnüşini taýýarlady. Täze “Razr”-yň bahasynyň 1500 dollar boljakdygy we 6-njy fewralda satuwa cykaryljakdygy mälim edildi. Bu telefony internet arkaly sargyt edenler üçin arzanlaşyk yglan edildi. 6,2 dýuýmlyk OLED ekranly enjamyň eplenen wagtyndaky ekrany 2,7 dýuým bolýar. Häzirki wagtda “Samsung-yň “Galaxy Fold”-y, “Huawei”-iň  “MATE X” eplenýän ekranly belli smartfonlar hasaplanýar. Mundan başga-da, “Oppo”, LG we “Xiaomi” ýaly kompaniýalar eplenýän ekranly mobil enjamlaryny taýýarlaýar.