“Kia Sorento” ulagynyň 2021-nji ýyldaky modeliniň zarýad berip bolýan nusgasynyň hem boljakdygy habar berildi. “2021 Kia Sorento PHEV” atly ulagyň ýangyjy tygşytly sarp edýändigi sebäpli uly islegden peýdalanmagyna garaşylýar. Premium derejesindäki tehniki aýratynlyklary bolan “Kia Sorento” indiki ýylyň birinji çärýeginde ilki bilen Ýewropa bazarynda satuwa çykarylar. Ulag daşky gurşaw üçin zyýansyz bolmagy bilen bir hatarda kuwwatly bolmagy bilen hem tapawutlanýar. Kapotynyň aşagynda 1,6 litrlik turbo benzinli motor oturdylan ulagda elektrik energiýasy bilen işleýän ikinji hereketlendiriji hem bolar. Elektrik energiýasy bilen işleýän motoryň kuwwaty 90 at güýjüne barabar bolar. Kuwwaty 180 at güýjüne barabar bolan benzinli motory goşanyňda umumy görkeziji 270 at güýjüne ýetýär. Alty basgançakly tizlik geçirijisi bolan ulagyň ähli tigirleri aýlanýar. Ulagyň önümçiligi kompaniýanyň Günorta Koreýadaky zawodynda amala aşyrylar.
Täze “Kia Sorento” zarýad berip bolar
28.08.2020