7 milliard ýitirdi

28.08.2020

Awtoulag bilen bir hatarda uçarlaryň hereketlendirijilerini hem öndürýän “Rolls Royce” kompaniýasy şu ýylyň birinji ýarymynda 7 milliard dollar ýitgi çekendigini mälim etdi. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý sebäpli täze uçarlary satyn almaga bolan islegiň pese gaçmagy kompaniýanyň sargytlaryny azaldypdyr. Rekord derejede ýitgi çeken kompaniýa emläginiň bir bölegini “Spanish ITP Aero” kompaniýasyna satdy. “Rolls Royce” bu ylalaşykdan 18 aýyň dowamynda 2 milliard funt sterling girdeji gazanmagy maksat edinýär. Iňlis kompaniýanyň ýolbaşçysy Worren Ist täze kararlaryň kompaniýanyň çykdajylaryny azaltjakdygyny aýtdy.