Dünýäniň iň ygtybarly ulaglaryny öndürýän “Volvo” kompaniýasy täze test geçirdi. Kompaniýanyň halas ediji toparlary on sany täze “Volvo” ulagyny 30 metr beýiklikden ýere taşladylar. Bu synag ulagyň iň garaşylmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykanynda olara näderejede zeper ýetjekdigini görmek üçin geçirildi. Hünärmenleriň maksady şeýle ýagdaýlarda ulagyň içindäki ýolagçylary gysga wagtda nähili halas etmelidigini öwrenmekden ybarat. Halas edijiler haýsydyr bir betbagtçylyk ýüze çykanynda gidrawlik gurallardan peýdalanýarlar. Kompaniýanyň hünärmenleri ulaglarynyň ähli howpsuzlyk tehnologiýalary bilen üpjün edilendigini, garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykanynda hem içindäki ýolagçylaryň ýokary gorag bilen üpjün edilendigini belleýärler. Muňa garamazdan, kähalatlarda ýol heläkçiliginiň ýüze çykyp bilýändigi, bu ýagdaýda adamlary halas etmek üçin nähili hereket edilmelidigini ýakyndan öwrenilýär. Kompaniýanyň hünärmenleri bulary öwrenmek üçin laboratoriýa şertlerinde geçirilen synaglaryň ýeterlik däldigini, hakyky ýol şertlerinde barlanyp görülmeginiň has gowudygyny belleýärler.
“Volvo” iň çylşyrymly howpsuzlyk synagyny geçirdi
14.11.2020