Angliýada 2030-njy ýyldan başlap elektrokar satuwy ýatyrylar

18.11.2020

Angliýanyň hökümet başlygy Boris Jonson mundan ozal 2035-nji ýylda güýje girizilmegi maksat edinilýän çäklendirmäniň 2030-njy ýyla çekilendigini mälim etdi. Ýurtda bug gazlarynyň zyňyndylaryny nol derejesine ýetirmek baradaky çäklendirmeleriň çäklerinde nebit ýangyjy bilen işleýän ulaglaryň satuwy gadagan ediler. 2030-njy ýyldan başlap, täze modele degişli benzinli we dizel hereketlendirijili awtoulaglaryň we ýük ulaglarynyň satuwy ýatyrylar. Ýurtda geçen ýyl 2050-nji ýyla çenli zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny nol derejesine ýetirmek barada karar çykarypdy. Angliýa şeýle karary kabul eden ilkinji G7 ýurdy bolupdy.

Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin döwlet tarapyndan 12 milliard funt sterling goýberiler. Taslamany durmuşa geçirmek üçin hususy pudagy degişli edaralar bolsa, 36 milliard funt sterling özleşdirer. 2030-njy ýyla çenli bu ugurda zähmet çekjek 250 müň sany ýokary derejeli hünärmenler üçin iş orny dörediler.

Ýurtda soňky ýyllarda deňiz kenarlarynda Ýel beketleriniň köp sanlysy oturdylyp, ondan alynýan energiýanyň mukdary ýylsaýyn artýar. Ýurtda satyn alynýan elektrokarlaryň sany hem barha artýar. Geçen aý satylan ulaglaryň 7 göterimini dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar emele getiripdir.