“Biktrix” atly kiçiräk kompaniýa sagatdaky tizligi 55 kilometre ýetýän welosiped işläp taýýarlady. Elektrik energiýasy bilen işleýän “Juggernaut” atly ulagyň jemi dört görnüşi bar. Olaryň ýokary derejelisi bolan “HD Duo” tehniki aýratynlyklary babatda ünsi özüne çekýär. 1 000 Watt kuwwaty bolan ulagyň sagatdaky tizligi 55 kilometre ýetýär. Ulagyň iki batareýaly görnüşi hem bar. Bu ulag bir gezeki zarýady bilen 257 km-e çenli ýol geçýär. Ulagy pedaly aýlamak arkaly her sürmek mümkin. “Juggernaut” ulagynyň ýene bir görnüşinde kuwwaty 750 Watt bolan motor oturdylypdyr. Bu ulag 38 km/s tizlik bilen hereket edýär.
Welosipediň tizligi - sagatda 55 km
16.11.2020