«Google» şereketi «Gmail»-e täze «akylly funksiýa» girizýär

17.11.2020

«Google» şereketi dünýäniň iň meşhur e-poçta hyzmatlaryndan biri bolan «Gmail» üçin şahsy durmuşyň eldegrilmesizligine we şahsylaşdyrylmagyna gönükdirilen täze «akylly funksiýalary» çykarjakdygyny mälim etdi. Bu kompaniýa täze «akylly funksiýalary» bilen «Gmail»- ulanyjylara has amatly we ygtybarly programma taýýarlamagy maksat edinýär.

«Google» şereketi tarapyndan berlen beýana görä, ulanyjylaryň haýyşy boýunça bu «akylly funksiýalaryň» käbiri häzirden açylyp we ýapylyp bilner.

Täze «akylly funksiýalar» bilen «şahsylaşdyrma sazlamasy», kompaniýanyň ozal girizen we ulanyjylara şahsy maglumatlaryny «Google» maglumatlar bazasyndan bozmagyna mümkinçilik berýän aýratynlygynyň dowamydyr.   

«Google» şereketi ulanyjylara «Gmail», «Chat» we «Meet» ýaly programmalarda «akylly funksiýalary» açmaklyk ýa-da  öçürmeklik üçin, şeýle hem «Google» önümlerini ulanyjy maglumatlary bilen şahsylaşdyrmaklyk ýa-da  şahsylaşdyrmamaklyk üçin iki sany sazlamany teklip eder. Ulanyjylar bu sazlamalary açsa näme boljakdygyny anyk görüp bilerler. Şonuň netijesinde bolsa, sazlamalaryň nämä rugsat berýändiklerini ýa-da näme rugsat bermeýändiklerini takyk bilerler.

«Google» şereketiniň beýanyna görä, ulanyjylar «akylly funksiýalary» ýa-da şahsylaşdyrma sazlamalaryny öçüren ýagdaýlarynda hem, «Gmail»-i ulanmagy dowam etdirip bilerler. Bu sazlamalar ulanyjylaryň şahsylaşdyrylan tejribe isleýändiklerine has köp üns berer.