Robot tehnologiýasynda ösen ýurtlaryň biri bolan Ýaponiýanyň “Cerezo Osaka” futbol toparynyň dükanlarynyň birinde gözegçi robot işe başlady. Bu robot müşderileriň arasynda howpsuz araçägi saklamaýanlara hem-de agyz-burun örtüklerini dakmaýanlara sypaýyçylyk bilen duýduryş berýär. “Robovie” atly robot adamlaryň ýüzüni skanirleýär. Bu enjamy Kýododaky “Advanced Telecommunications” atly halkara institut işläp taýýarlapdyr. Kamera we sensorlar bilen üpjün edilen enjam adamlaryň aralaryndaky ýakynlygy hem ölçeýär.
Robot işe başlady
16.11.2020