Otlynyň tizligi sagatda 1000 kilometre ýeter

13.11.2020

Koreýa Respublikasynda has ýokary tizlikli otlular işlenip taýýarlanýar. Ýaponiýadaky “Maglev” otlularyndaka  meňzeş ulgamda ýörejek ulag daşy ýapyk boşlukda hereket eder. Koreýanyň demirýol barlaglary institutynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanýan ulgamynda otly 0,001 atmosfera basyşy bolan boşlugyň içinde ýörär. Bu ulgamyň 1/17 masştab ölçegindäki nusgasynda 1 000 km/sagatdan gowrak tizlik hasaba alyndy. Häzirki wagtda test tapgyry dowam edýän taslamanyň çäklerinde 2022-nji ýyldan başlap, onuň hakyky ölçegindäki görnüşiniň testleri geçiriler. Soňra bolsa, söwda maksatly görnüşi gurlar.

Golaýda “Virgin Hyperloop” kompaniýasy hem şeýle ulgamy synagdan geçiripdi. Bu synagda 500 metrlik aralykda 172 km/sagat tizlik bilen, 15 sekuntda geçilipdi. Bu kompaniýa 1 200 km/sagat tizlik bilen hereket edýän otlulary we onuň infrastrukturasyny gurmak isleýär.