Şu ýylyň üçünji çärýeginde kompýuter satuwynda rekord goýlandygy mälim edildi. Üç aýyň dowamynda global derejede 79,2 million kompýuter müşderilere iberilipdir. Iň köp kompýuteri Hytaýyň “Lenovo” kompaniýasy satypdyr. Sanawda “Dell”, “Acer” we “Apple” ýaly kompaniýalar öňdeligi eýeleýär. “Canalys” şereketiniň taýýarlan maglumatyna görä, degişli döwürde kompýuter satuwy 13 göterim ýokarlanyp, soňky on ýyldaky rekord goýlupdyr. Maglumata görä, “Lenovo” 19 milliondan gowrak kompýuter satypdyr. Bu görkeziji bazaryň 24,6 göterimine gabat gelýär. HP kompaniýasy 18,6 million görkeziji bilen ikinji boldy. Üçünji ýeri ABŞ-nyň “Dell” kompaniýasy eýeläp, 11,9 million kompýuter satypdyr. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa ägirdi “Apple” bolsa, 6,3 million sany kompýuteri müşderilerine iberipdir. Beýleki kompaniýalaryň umumy satuwy 17 million 277 müň bolup, olar bazaryň 21,8 göterimini emele getiripdirler.
Kompýuter satuwynda rekord
12.10.2020