13-nji oktýabrda tanyşdyrylmagyna garaşylýan enjamlar

08.10.2020

“Apple” kompaniýasy 13-nji oktýabrda “iPhone” seriýasyna degişli smartfonlary we beýleki enjamlaryny tanyşdyrjakdygyny mälim edipdi. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, amerikan brendi “iPhone 12 Mini”, “iPhone 12”, “iPhone 12 Pro” we “iPhone 12 Pro Max” mobil enjamlaryny köpçülige görkezer. Çäräniň çäklerinde “AirPods Studio” atly gulaklygy hem tanyşdyrylar. Şeýle hem “HomePod” atly enjamy görkeziler. Dabarada ilkinji gezek WWDC 2020 sergisinde mälim edilen “Apple Silikon” mikroprosessor oturdylan ilkinji “Mac” kompýuteri barada hem maglumat berler. Tanyşdyrylyş dabarasynda geçirijisiz zarýad berijiniň hem görkezilmegine garaşylýar.
Ýeri gelende aýtsak, bilermenler smartfonlaryň bahalary baradaky çaklamalary hem ýaýratdylar. Olar şeýleräk bolar:
“iPhone 12 Mini”: 64 GB – 649 dollar / 128 – GB 699 dollar / 256 – GB 799 dollar.
“iPhone 12”: 64 GB – 749 dollar / 128 GB – 799 dollar / 256 – GB 899 dollar.
“iPhone 12 Pro”: 64 GB yok / 128 GB – 999 dollar / 256 – GB 1 099 dollar / 512 – GB 1 299 dollar.
“iPhone 12 Pro Max”: 128 GB 1 099 dollar / 256 GB 1 199 dollar / 512 GB 1 399 dollar.