“iPhone 12-niň kamerasy we batareýasy barada maglumatlar

12.10.2020

“Apple” kompaniýasy ertir  (13-nji oktýabr) “iPhone 12” seriýasyna degişli  smartfonlaryny we beýleki enjamlaryny tanyşdyrmaga taýýarlyk görýär. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary esasy harytlaryny adatça ýylda bir sapar köpçülige tanyşdyrýarlar. Şeýle bolansoň, şol enjamlar barada öňünden käbir çaklamalar ýaýradylýar. Şeýle çaklamalary bilen tanalýan Maks Weýnbah atly hünärmen “iPhone 12 mini” we “iPhone 12”-niň  has giň çägi surata alýan esasy iki kamera bilen üpjün ediljekdigini habar berdi. “iPhone 12 Pro” we “iPhone 12 Pro Max” bolsa, bu iki kamera bilen bir hatarda telefoto kameraly boljakdygy aýdyldy. Mundan başga-da, “iPhone 12”-de we “iPhone 12 Pro”-da LIDAR sensorlary, “hyýaly hakykat” oýunlary we “hyýaly hakykat” tehnologiýalary bilen üpjün ediljekdigi çaklanylýar. Aýdylyşyna görä, “iPhone 12 Pro” 4x, “iPhone 12 Pro Max” bolsa, 5x optiki ýakynlaşdyrma häsiýetine eýe bolar.