2018-nji ýylda öndürülip, şondan bari satuwa çykarylmadyk “Zeiss ZX1” deslapky sargyt bilen satuwa çykaryldy.
37,4 megapiksel doly çarçuwaly sensory öz içine alýan enjamda, 35 mm “Distagon F2” linza ulanylýar. Zeiss tarapyndan işlenip düzülen sensoryň üstünlikli işlemegine garaşylýar. F / 2.0 diafragma durnukly linzanyň kömegi bilen pes ýagtylykda üstünlikli işleýän kameranyň ISO duýgurlygy 51,200-e çenli ýokarlandyrylyp bilner. Bu enjam, arka tarapynda 2,76 million nokatly 4.34 dýuým duýgur ekran bilen üpjün edilýär we 100 göterim örtükli elektron görnüşi saýlanýar. Iň az ýapyk tizligi 30 sekunt we iň ýokary ýapyk tizligi 1 / 8,000 sekunt bilen, MPEG-4 we H.264 wideo formatlaryny goldaýan “ZX1” 4K wideo ýazga geçirmäge hem mümkinçilik berýär.
Maglumat saklaýyş kuwwaty 512 Gb-lik bolan bu enjam 412 Gb ýadyny ulanyp biler. Kameranyň ýokary maglumat saklaýyş ukyby bilen 6,800 RAW ýa-da 50,000 JPEG suratlaryny ýadynda saklap bilýär. “Wi-Fi” we “Bluetooth” “Zeiss ZX1” ýaly portlary goldaýanlar, ulanyjylara kamerada RAW şekillerini gönüden-göni işlemäge mümkinçilik berýär. Enjamyň daşary ýurtda satuw bahasy 6000 dollar.