“Sony Interactive Entertainment” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jim Rýan golaýda satuwa çykjak “PlayStation 5” oýun konsolyndan näçeräk satylmagyna garaşylýandygy barada maglumat berdi. Soňky ýyllarda oýun konsollaryna bolan islegiň ýokarlanmagy kompaniýalaryň şeýle harytlaryň sanyny artdyrmagyna getirdi. “Microsoft” kompaniýasy “Xbox Series X” we “Xbox Series S”-i şu aýyň 10-na satuwa çykarjakdygyny mälim etdi. “Sony” bolsa, “PlayStation 5”-i 12-nji oktýabrda satuwa çykarar. Jim Rýan täze çykjak konsolyň “PlayStation 4”-den has köp satylmagynyň maksat edinilýändigini belledi. “PlayStation 4”-iň satuwa çykanyndan soňra bir ýylyň dowamynda 7 million töweregi satylypdy. Ýagny ýapon brendi bu önüminiň 7 milliondan köp satylmagyna garaşýar.
“PlayStation 4” enjamy 2013-nji ýylyň noýabrynda satuwa çykarylypdy. Häzirki wagtda şeýle önümlere islegiň ýedi öňküden has ýokarlanandygy göz öňünde tutulanda, kompaniýanyň bu maksada gysga wagtda ýetjekdigini aýtsa bolar. Muňa garamazdan, “Microsoft”-yň oýun konsollary “PlayStation 5”-den arzan bolmagy bilen tapawutlanýar.