Hytaýyň “Lenovo” kompaniýasy “Tab P11 Pro” atly kämil planşet hödürledi

08.09.2020

Noýabr aýynda satuwa çykaryljak “Lenovo Tab P11 Pro” planşetiniň bahasy 699 ýewro bolar.

Hytaýyň “Lenovo” kompaniýasy “Tab P11 Pro” atly kämil planşet hödürledi. Planşet “HDR10” we “Dolby Vision” giňeldilen dinamiki diapazony, 2K (2560 x 1600 piksel) durulykda 11,5 dýuým OLED displeý bilen enjamlaşdyrylandyr. Ekranyň töweregindäki çarçuwalar inçe (6,9 mm) we her tarapdan birmeňzeş. Planşet dört JBL gürleýjisi üçin iki taraplaýyn alýumin garyndy korpusy bilen enjamlaşdyrylandyr. Korpusyň galyňlygy iň inçe ýerde 5,8 mm, iň galyň ýerde bolsa 7,7 mm.

“Snapdragon 730G” ýeke kristal ulgamyna esaslanýar. “Lenovo Tab P11 Pro” batareýasynyň kuwwaty 8600 mAh bolup, zarýad bermezden 15 sagat işlemek üçin ýeterlikdir.

Ulanyjylara 4 we 6 gigabaýt RAM we içerki ýady 128 gigabaýt teklip edilýär.

“Android 10” operasiýa ulgamynda işleýän planşetiň yzky paneli iki sany kamera – 13 megapiksel esasy we 5 megapiksel giň burçly kameralar bilen enjamlaşdyrylandyr. Öň panelde iki kamera ýagny, 8 megapiksel kamera we ýüz tanamak üçin ToF kamerasy bar. Wideo jaňlar wagtynda awtomatiki fon bulaşyklygy hem bolýar.Mundan başga-da, klawiatura bilen goşmaça birleşdiriji stansiýa, ölçegi üýtgedilen penjireleri goldaýan iş stoly kompýuter interfeýsi bar. Şeýle hem, planşetde sungat işgärleri üçin “Lenovo Precision Pen 2” stil goldawy bar.