“Realme” şereketi “realme V3” atly iň arzan 5G smartfonyny hödürledi. Bahasynyň arzandygyna garamazdan, bu enjam 8 Gb RAM, öndürijilikli MediaTek prosessor, şeýle hem çalt zarýad bermek tehnologiýasyny goldaýan uly batareýa bilen üpjün edilendir.
“Realme V3” modeli 5G bäşinji nesil torlaryny goldaýan “MediaTek Dimensions 720” platformasyna esaslanýar. Enjamda 6/8 GB LPDDR4x standart RAM, şeýle hem 64/128 GB UFS 2.1 içerki ýady bar.
“Realme V3” smartfony 18 watta çenli çalt zarýad beriş tehnologiýasyny goldaýar, batareýa sagatda 5000 milliamper kuwwatyna eýe bolup, enjamyň özbaşdak işlemegini üpjün edýär.Ekranyň diagonaly 6,5 dýuým. Smartfon 1600x720 piksel ölçegli IPS matrisa bilen enjamlaşdyrylandyr. Öň kameranyň şekil ölçegi 8 megapiksel.
Enjamyň yzky tarapynda 4 datçikden ybarat esasy kamera blogy bar. “Realme V3” modeli sekuntda 60 kadr tizlik bilen Full HD formatda wideo ýazga almaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, smartfonyň yzky gapagynda barmak yzy skaneri bar.