Iň gymmat Samsung smartfony 25-nji sentýabrda satuwa çykarylar

08.09.2020

“Samsung” markasynyň “Galaxy Z Fold 2 Thom Browne Edition” atly iň gymmat smartfonynyň bahasy mälim edildi. Bu barada kompaniýanyň materiallaryna salgylanyp, “SamMobile” neşiri habar berýär.

Enjam öň hödürlenen “Galaxy Z Fold 2” deýin kitap ýaly eplenýän smartfonyň aýratyn wersiýasydyr. Smartfon moda dizaýneri Tom Braun bilen bilelikde işlenip düzüldi.

Enjamyň gyzyl, ak we gök zolakly kümüş reňkdäki korpusy  bar.  Şeýle-de, smartfon analogiýa dizaýnly “Galaxy Watch 3” akylly sagady we model toplumyna girizilen “Galaxy Buds Live” gulaklygy (nauşnik) bilen enjamlaşdyryldy.

Birnäçe wagt öň, Tom Braun Günorta Koreýanyň markasyna meňzeş, “Galaxy Z Flip” smartfonynyň çäkli görnüşini döretmäge kömek etdi. Tehniki taýdan asyl nusgasyndan tapawutly enjamyň diagonaly 7,6 dýuým we daşarky ekrany 6,23 dýuým bolan çeýe içki ekrany bar. Enjamda “Snapdragon 865+” prosessor, 12 gigabaýt RAM we 256 gigabaýtlyk ýat  bar. Hersinde 12 megapiksel 3 sensorly kamera bar.

“Galaxy Z Fold 2” smartfonynyň çäkli neşiriniň bahasy 3,299 dollar. Bu model 25-nji sentýabrdan birnäçe ýurtda satuwa çykarylar. “Galaxy Z Fold 2 Thom Browne Edition” smartfonyndan 5000 sanysy öndürildi.