“Amazon” şereketi “Amazon Prime Air” atly pilotsyz uçarlary eltip bermäge rugsat aldy

08.09.2020

ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasynyň administrasiýasy dünýäniň iň uly onlaýn satyjysy bolan “Amazon” kompaniýasy tarapyndan döredilen “Amazon Prime Air” atly pilotsyz uçarlary ibermäge ygtyýar berdi. Bu ygtyýarlyk kompaniýa synag täjirçilik işine başlamaga mümkinçilik berer.

“Amazon” şereketiniň resmisi bu mesele barada entek düşündiriş bermedi. Kompaniýanyň ABŞ-nyň demirgazyk-günbatarynda synag polýuslary bar we pilotsyz uçarlar Angliýada synag ediler. Bu şereket diňe geçen ýyl görkezen Gibrid dizaýnly 6 taraplaýyn multikoperlerini ulanýar. Şeýle enjamlar keseligine uçuşda samolýot ýaly hereket edip, dikligine ýokary galyp we ýykylyp bilýärler. Infragyzyl kameralaryň, çuňluk datçikleriniň we sonarlaryň utgaşmasy netijesinde enjam howada hereket edip, päsgelçilikleri ýeňip biler.