“Samsung” şereketi “Galaxy Tab S7” planşetiniň bäşinji nesil mobil aragatnaşyk ulgamyny goldaýan wersiýasyny hödürledi. Enjam 18-nji sentýabrdan 850 dollara satuwa çykarylar. “Galaxy Tab S7 +” planşetiniň 5 G wersiýasy bahasy 1050 dollar bolar.
Planşetler, 5 G goldawyndan başga, öňki wersiýalaryndan tapawutlanmaýar. “Samsung Galaxy Tab S7” planşeti 2560 x 1600 piksel ölçegde 11 dýuýmlyk diagonally IPS ekrany bilen enjamlaşdyrylandyr. “Galaxy S7 +” enjamynda bolsa 2800 x 1752 piksel ölçegde 12,4 dýuýmlyk diagonally “Super AMOLED” ekrany bar. Bu iki enjamda-da suratyň täzeleniş tizligi 120 GGs barabar. Maglumata görä, “Android 10” operasiýa ulgamynda işleýän “Samsung Galaxy Tab S7” we “Galaxy Tab S7 +” 6 gigabaýt RAM we 128 gigabaýtlyk ýat bilen üpjün edilendir. Batareýalaryň kuwwaty degişlilikde 8000 we 10,090 mAh.
Planşetleriň öňdäki kameralary 8 megapiksel (F / 2.0)., esasy kamera 13 we 5 megapiksel (F / 2.0 we F / 2.2) datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr. Iki enjam hem sekuntda 30 kadr tizlik bilen 4K formatda wideo ýazgyny goldaýar.
Planşetler “Wi-Fi 802.11ax” we “Bluetooth 5.0” modullary, “USB 3.1 Type-C” porty we uly modeliň ekranynda barmak yzy skaneri, şeýle hem S Pen stili bilen enjamlaşdyrylandyr.