Eýranyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň radio kadalaşdyryjy edarasynyň soňky hasabatyna görä, ýurtda giň zolakly internet abonentleriniň sany 86 milliondan geçdi. Şoňa laýyklykda kesgitli giň zolakly internet abonentleriniň sany 9 million 479 müňe, ykjam giň zolakly abonentleriň sany bolsa 76 million 531 müňe ýetdi.
Ýurtda giň zolakly aragatnaşyk ulgamynyň ulanylyş derejesi 102 göterim bolup, onuň 91 göterimi ykjam giň zolakly internetiň ulanylyşy bilen baglanyşyklydyr.
2016-njy ýylda ýurtda giň zolakly internet abonentleriniň sany 42 million, internetiň aralaşmagy bolsa bary-ýogy 53 göterim boldy. Ruhani hökümetiniň ikinji möhletinde Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrligi ýurtda internet ulgamynyň ýaýramagynyň derejesini ýokarlandyrmaga synanyşdy we bir ýyldanam az wagtyň içinde abonentleriň sanyna 10 million abonent goşuldy.