Düýn – 30-njy okýabrda ABŞ-nyň tehnologiýalar ägirdi bolan «Apple» şereketi özüniň «Apple Arcade», «Apple TV +», «Apple News +» we «Apple Music» ýaly meşhur abuna hyzmatlaryny bir ýere jemläp, «Apple One» atly abunalyk paketiniň esasynda müşderilere hödürläp başlandygyny yglan etdi.
«Apple One» paketinde «Başlangyç», «Maşgala» we «Premiere» atly 3 dürli abuna meýilnamasy bar:
«Apple One» atly başlangyç paketiniň aýlyk abuna tölegi 1495 dollardyr. Bu paketi satyn alan ulanyjylar «Apple Music», «Apple TV +», «Apple Arcade» we 50 GB-lik «iCloud» atly maglumat saklaýjy ýat programmasyna eýe bolarlar.
«Apple One» atly maşgala paketiniň aýlyk abuna tölegi 1995 dollar diýlip yglan edildi. Başlangyç paketindäki ähli hyzmatlary öz içine alýan maşgala meýilnamasy, bir maşgaladaky adamlara bir paketi ulanmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, bu paketde ulanyjylara 50 däl-de, 200 GB-lik «iCloud» atly maglumat saklaýjy ýat programma hödürlenýär.
«Apple One Premiere» meýilnamasy iň ýokary abunalyk paketidir. Bu paketiň aýlyk abuna tölegi 2995 dollardyr. «Apple One Premiere» paketi ulanyjylara «iCloud» atly 2TB-lik doly maglumat saklaýjy ýat programmasyny, başlangyç we maşgala meýilnamalaryny hödürleýär.
Şeýle hem, ulanyjylar «Apple News» we täze yglan edilen «Apple Fitness +» hyzmatlaryna iň ýokary derejeli «Apple One» toplumy bilen girip bilerler.