“Sony” girdejisini artdyrdy

29.10.2020

“Sony” kompaniýasy 30-njy sentýabrda tamamlanan maliýe ýyly barada maglumat berdi. Ýapon kompaniýasynyň ýokary tehniki aýratynlygy bolan “Xperia” telefon satuwynyň 5 ýyldan bäri azalýandygy, emma häzirki wagtda bu düşüşiň togtandygy habar berildi. Şeýle hem kompaniýanyň girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 13 million dollar köp bolupdyr. Kompaniýa soňky çärýekde 600 müň telefon satypdyr. Bu görkeziji dünýäniň smartfon önümçiliginde öňdebaryjylary bolan “Samsung” ýa-da “Apple” ýaly kompaniýalar bilen deňeşdirilende gaty az hem bolsa, “Sony” üçin uly üstünlik hasaplanýar. Sebäbi, kompaniýa başga ugurlarda hem iş alyp barýar.