Merkezi edarasy Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Air Company” atly kompaniýa Marsda guruljak ýangyç bekediniň nusgalyk dizaýnyny taýýarlady. Kompaniýa kömürturşy gazyndan raketa ýangyjy öndürmegi hem maksat edinýär. Häzirki wagtda astronomlar Aýda we Marsda kosmosyň has çuňluklaryna aralaşmak üçin hemişelik beketleri gurmagyň aladasyny edýärler. Şeýle ýagdaýda bu asman jisimlerinde ýangyç beketlerine hem zerurlyk duýlar. Kompaniýanyň geçen ýyl Gyzyl planetada kömürturşy gazyndan peýdalanmaga degişli taslamasy NASA-nyň baýragyna baýraga mynasyp bolupdy.
Häzirki wagtda “SpaceX” kompaniýasy Marsa degişli taslamalara has köp üns berýär. Kompaniýa geljekde bu planeta adamly syýahatlary ýola goýmagyň aladasyny edýär. Onuň çäklerinde işlenip taýýarlanan “Starship SN-8Ş” atly raketanyň ilkinji testleri tamamlandy. Raketanyň we oň birikdirilen kosmos gämisiniň uzynlygy 50 metre barabar bolar.