Hytaýda awtoulag bazarynyň dörtden bir bölegi elektrikleşdiriler

29.10.2020

Elektrik ulaglaryna bolan isleg ýylsaýyn artýar. Çünki, öndürijiler indi bu bazara has köp maýa goýýarlar. Dünýädäki iň uly awtoulag bazary bolan Hytaýda elektrik ulagynyň satuwynyň 5 ýylyň içinde bazaryň 20 göterimine ýetjekdigi mälim edildi.

Hytaý awtoulag inženerleri jemgyýeti (China-SAE) tarapyndan berlen beýana görä, ýurtda batareýa bilen işleýän ulaglaryň paýy 2035-nji ýylda 50 göterime çenli ýokarlanar.

Dünýädäki iň uly elektrik ulagy bazary bolan Hytaýda häzirki wagtda bazaryň 5 göterimini elektrik ulaglary düzýär.

Hytaýyň Senagat we Tehnologiýa ministrligi geçen ýyl beren beýanynda ýurtda elektrik ulaglarynyň satuwynyň 2025-nji ýyla çenli bazaryň 25 göterimine ýetjekdigini aýtdy.

Şu ýyl Hytaýda 1,1 million elektrik ulagyny satmaklyk maksat edinilýär