“Google Play Store” dükanynda programma paýlaşmak amaly ýola goýlar

13.09.2020

“Google Play Store” dükanynda täze funksiýanyň işe giriziljekdigi öňe sürülýär. “9to5Google” topary tarapyndan açylan funksiýa programmany paýlaşmaga mümkinçilik döreder.  Bu funksiýa bilen ulanyjy başga bir telefonda gurlan programmany ulanyp biler. :9to5Google” topary bu funksiýanyň ýakyn wagtda “Play Store” dükanynda elýeterli boljakdygyny aýtdy. Täze funksiýany  paýlaşmak amaly simsiz amala aşyrylar.

Deslapky maglumatlara görä, täze funksiýa "programmalarym" setirinde ýerleşer. Ulanyjy  "programmalaryma" girensoň, paýlaşmak isleýän programmasyny saýlar. Başga bir ulanyjy “Play Store” dükanyny açar we beýleki tarapyň enjamyny tapmagyna garaşar. Mundan başga-da, iki smartfon hem biri-birine “Bluetooth”, “NFC” ýa-da “Wi-Fi” arkaly birikmeli bolar.

“Google Play Store” dükanynda garaşylýan täzelik barada resmi habar bermese-de, bu talaplar uly gyzyklanma döretdi.