“LG” şereketi “eSIM”-e has tehnologik alternatiw çözgüt hödürledi

13.09.2020

“LG” şereketi “eSIM” ewolýusiýasynyň indiki tapgyry hökmünde häsiýetlendirilýän täze tehnologiýany yglan etdi. “LG Uplus” operatory bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen adaty “IUICC” atly standart abonentiň belgisi (nomeri) barada maglumatlary enjamyň merkezi çipi (mikroshemasy) derejesinde ýazmak bilen adaty SIM kartalary ulanmakdan düýbünden ýüz öwürmäge mümkinçilik berýär.

“IUICC” tehnologiýasyny ýakyn wagtda ykjam prosessorlara birikdirmek meýilleşdirilýär. Onuň  kömegi bilen ulanyjy operatoryň belgisi barada maglumatlary fiziki SIM kartasyz programma derejesinde enjamyň ýadynyň ýörite bölümine  ýazyp biler.

“LG” kompaniýasynyň resmi habarynda, täze tehnologiýanyň kömegi bilen, smartfon öndürijileriniň SIM kartalar üçin birleşdirijiler toparyny we olary gurnamagyň mehanizmini terk edip, enjamyň göwrümini ep-esli azaldyp biljekdigi barada aýdylýar. Mundan başga-da, öndürijiler “IUICC” standartyny “Internet of Things” segmenti üçin ulanmagy teklip edýär.