Ýokary tizlikli ulaglary öndürmegi bilen tanalýan “Maserati” italýan kompaniýasy “Maserati MC20” atly täze ulagyny tanyşdyrdy. Kuwwaty 630 at güýjüne barabar bolan ulag 0-100 km/s tizlige üç sekuntdan hem az wagtda ýetýär. FCA (“Fiat Chrysler Automobiles”) kompaniýasynyň garamagyndaky şereket lýuks ulaglary öndürýär. Göwrümi 3 litre barabar bolan V6 motory ulagyň sagatda 325 km/s tizlik bilen hereket etmegine mümkinçilik berýär. Ulag ýeňil materiallardan ýasalandygyna garamazdan, agramy 1,5 tonna golaýlaýar.
Ulagyň inženerleri iki tarapynda üç sany howa çekiji deşikleri göz öňünde tutmagy makul bilipdirler. Ulagyň bahasy barada häzirlikçe maglumat berilmedi. Italýan brendi daşky şekili we kuwwaty bilen tapawutlanýan ulaglardan az sanlysyny öndürýär.